Türkmenabadyň himiýa kärhanasy hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň himiýa kärhanasy hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär
Häzirki wagtda Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasynda kiçi kärhanalaryň üçüsi öz önümçiligini ýola goýdy.

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasy bilelikde önüm öndürmegi teklip edýän hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.

“Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni habar berişi ýaly, häzirki wagtda bu ýerde kiçi kärhanalaryň üçüsi öz önümçiligini ýola goýdy.

“Kökçi” hojalyk jemgyýeti bu kärhanada jemgyýetçilik awtoulaglary üçin akkumulýatorlary öndürýär. Häzirki wagtda kärhana sarp edijilere “Kuwwat”, “Ýyldyrym”, “Kökçi” we “TM Power” ýaly söwda nyşanlary bilen öz önümlerini hödürleýär. Geljekde kompaniýa önümçilik üçin daşary ýurtlardan satyn alynýan serişdeleri özi öndürmegi meýilleşdirýär.

“Ussat ýardamçy” hojalyk jemgyýeti bu ýerde ýurdumyzda agyz suwuny arassalamakda giňden ulanylýan koagulýant önümçiligini ýola goýdy. Kompaniýanyň bu önümi ýurdumyzyň agyz suwuny arassalaýjy zawodlarynda uly islege eýedir.

Şeýle hem, “Çelek” hususy kärhanasy dag-magdan senagatynda giňden ulanylýan tehniki suwuklyklary önümçilikde synagdan geçirýär. Bu önümi satyn almak üçin Hytaý uly isleg bildirýär.

Türkmenabadyň himiýa kärhanasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. Institutyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen köpsanly tejribeleriň netijesinde kärhanada birnäçe täze önümçilik ugurlary ýola goýuldy.

2022