“Lebapgazçykaryş” “mawy ýangyjyň” çykarylyşyny artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Lebapgazçykaryş” “mawy ýangyjyň” çykarylyşyny artdyrýar
Şu ýylyň sekiz aýynda Demirgazyk Balguýy gaz käninde 63,1 müň tonna gaz kondensaty çykaryldy we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna iberildi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň sekiz aýynda tebigy gazyň 5,7 mlrd. kub metrden gowragyny alyp, meýilnamany 5% artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň resmi saýtynda anna güni habar berilişi ýaly, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody tarapyndan çig mal hökmünde ulanylýan gaz kondensatynyň çykarylyşy hem artdy.

Şol döwürde Demirgazyk Balguýy gaz käninde 63,1 müň tonna gaz kondensaty çykaryldy we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna iberildi.

“Türkmengaz” konserniniň “Türkmengündogarnebitgurluşyk” gurluşyk-gurnama trestiniň hünärmenleri uzynlygy 60 km bolan Döwletabat – Derýalyk ýokary basyşly magistral gaz geçirijisiniň bölegini düýpli abatlamak we ulanyşa girizmek boýunça işlerini alyp barýarlar.

Häzirki wagtda kebşirleme işleri 60% ýerine ýetirildi. Abatlaýyş işleriniň barşynda izolýasiýa-oturtma hem-de gaz geçirijini arassalama işleri durmuşa geçirilýär.