Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI”-niň ýolbaşçysyny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI”-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
“ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň Aşgabatdaky binasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ýanyndaky hünärmen-bilermeni, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy bilen duşuşyk geçirdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, duşuşygyň çäklerinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we dürli pudaklarda, şol sanda ýangyç-energetika, gurluşyk hem-de ulag ulgamlarynda bilelikde toplanan tejribe bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ilerletmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.

Işewür döwlet Baştutanymyza ýerine ýetirilýän işler, şol sanda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi. Igor Makarow ýolbaşçylyk edýän holdinginiň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirjekdigine, ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşjakdygyna ynandyrdy.

Şeýle-de taraplar sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şol sanda 2021-nji ýylda ýurdumyzda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Igor Makarow wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi baş döwlet baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen gutlap, türkmenistanlylaryň ählisine bagt, abadançylyk, ýurdumyzyň öňegidişligiň we gülläp ösüşiň ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli öňe ilerlemegini arzuw etdi.

2022