Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri ýurtda gök-bakja önümleriniň önümçiligini artdyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, “ORIENT.tm” duşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, önümçiligiň aglaba bölegi ýeralmanyň paýyna düşýär. Bu önümi ösdürip ýetişdirmek üçin goşmaça bölünip berlen ýerleriň hasabyna 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aralygynda önümçilik 17 göterim artyp, 367 müň tonna deň boldy.
Türkmenistan boýunça beýleki gök önümleriň 636,7 müň tonnasy ýygnalyp, geçen ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygyndaky görkezijiden 8,6 göterim ýokary boldy. Muňa ýurtda gök-bakja önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň sanynyň artmagy täsir etdi.
Bu kärhanalaryň hususy ekerançylardan önümi lomaý satyn almagy gök-bakja we miwe önümleriniň önümçiligini has-da artdyrmaga itergi berýär. 2020-nji ýylyň sekiz aýynda miwe-ir iýmişleriň 132,3 müň tonnasy ýygnalyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,7 göterim ýokary boldy.
Bakja önümleriniň önümçiligi 7,9 göterim ýokarlanyp, 365,8 müň tonna deň boldy. Mundan başga-da, 2020-nji ýylda türkmen gawuny Ýewropa döwletlerine iberilip başlandy.
Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň önümçiliginiň artmagyna döwlet goldawy oňyn täsir edýär. Hususy bölege degişli oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak we bu ugurda telekeçiligi ösdürmek üçin ýeňillikli karz serişdeleri berilýär.