Türkmenistan we Belarus söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Belarus söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekçi
Onlaýn gepleşikleriň barşynda taraplar ähli ugurlarda, şol sanda senagat, ulag we logistika, oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny bellediler.

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda çarşenbe güni onlaýn gepleşikler geçirilip, onda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn gepleşikleriň barşynda taraplar ähli ugurlarda, şol sanda senagat, ulag we logistika, oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny bellediler. Şeýle-de telekeçilere oňaýly şertleri döretmek boýunça meselelere seredildi.

Çäre ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlary boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döredip, onda türkmen-belarus söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi barada çaklamalar we özara haryt dolanşygyny artdyrmak boýunça teklipler beýan edildi.

Onlaýn gepleşiklere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Dokma senagat ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda şu ýylyň ýanwar-iýul aralygynda haryt dolanşygy 21,2 mln. amerikan dollaryna deň boldy.

2022