Türkmen hususyýetçileri “John Deere” kompaniýasynyň tehnikalaryny satyn alýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususyýetçileri “John Deere” kompaniýasynyň tehnikalaryny satyn alýar
Oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän hususyýetçileriň buýurmalary esasynda “John Deere” kompaniýasynyň jemi 785 tehnikasy Türkmenistana getiriler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 107-siniň buýurmalary boýunça “John Deere” kompaniýasynyň traktorlary, kombaýnlary hem-de goşmaça enjamlary tapgyrlaýyn ýurdumyza gelip gowuşýar.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän hususyýetçileriň buýurmalary esasynda jemi 785 tehnika, şol sanda 287 traktor, 48 kombaýn, 450 enjam getiriler.

Deslapky tapgyrda Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleriniň karz serişdeleriniň hasabyna satyn alnan “John Deere” kompaniýasynyň “JD 6155M” traktorlary hem-de “JD M724” kysymly enjamlary getirildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda “Telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakynda” Karara gol çekdi.

2022