Soňky ýyllarda Türkmenistan aýna önümlerini, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, gury ýelim garyndylaryny we demir-beton gurnamalaryny öndürmäge ýöriteleşen täze önümçilikleri döretmek üçin uly möçberli maýa goýumlaryny gönükdirdi. Netijede, ýurdumyzda gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň möçberi birnäçe esse ýokarlandy.
“Türkmenistan” gazetiniň anna güni habar berşi ýaly, Daşoguz welaýat häkimliginiň Gurluşyk önümleri kärhanasynda şu ýylyň dokuz aýynda 6 müň kub metr beton gurnawlary, 1 million 100 müň sany bişen kerpiç, 2 müň 400 kub metrden gowrak keramzit taýýarlanyp, gurluşyk meýdançalaryna ugradyldy.
Iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we täze önümçilik bölümleriniň işe girizilmegi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhananyň önümçilik kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.
Şu ýylyň iýul aýynda ýurdumyzyň Bäherden etrabynda hem-de Lebap welaýatynda sement zawodlarynyň ikinji nobatdakylarynyň gurluşygyna badalga berildi. Şol gurluşyklar hususy ulgamyň wekilleri tarapyndan alnyp barylýar.
Täze zawodlaryň her biriniň kuwwaty ýylda 1 million tonna sement çykarmaga niýetlenendir.