Ahal welaýatynda 2 sany täze dokma toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şolaryň her biri inçe süýümli pagtanyň ýylda 5 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenendir - diýip, “Ahal durmuşy” gazeti anna güni habar berýär.
Umuman, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda fabrikleriň täzelerini gurmaga we ozal hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge ABŞ-nyň 2 milliard dollaryna golaý pul maýa goýuldy. 2015-2019-njy ýyllar döwründe ýurdumyzyň dokma senagaty önümçiliginiň ösüşi 142,7 göterime deň boldy. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň 70 göterime golaýy GDA, Ýewropa, Aziýa ýurtlaryna eksporta ugradylýar.
Innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy pudagyň kärhanalaryna önümçiligiň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Ine, şu ýylyň dokuz aýynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky pagta egriji fabriginde nah ýüplükleriň 4 434 tonnadan gowragy çykaryldy hem-de diýarymyzyň dokma kärhanalaryna we daşary döwletleriň birnäçesine ugradyldy.
Pagtaçylyk Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýär.
Şu ýyl gowaça ekilen ýerleriň umumy meýdany 550 müňden 620 müň gektara çenli giňeldilip, şonça meýdandan ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Oba senagatynyň bu ugrunda hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem işjeň gatnaşýarlar.