Daşary ýurt telekeçileriniň türkmen nebitgaz we dokma önümlerine islegleri artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşary ýurt telekeçileriniň türkmen nebitgaz we dokma önümlerine islegleri artýar
Daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, tekiz reňklenen žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepdede daşary ýurt walýutasyna baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 29 million amerikan dollaryndan gowrak boldy.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Singapurdan we Owganystandan telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, yşyk kerosinini, ýangyç mazudyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Russiýa, ABŞ, Türkiýe, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan döwletleriniň wekillerine daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, tekiz reňklenen žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Singapurdan, Owganystandan işewür toparlarynyň wekilleri el halylaryny, natriý hloridiniň erginini we glýukozany, nah ýüplügi satyn alyp, geleşikleriň umumy bahasy 13 million manada golaý boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 46 million 649 müň manatlykdan gowrak “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polipropilen hem-de TNGIZT-de öndürilen nebit bitumyny, şeýle-de el halylaryny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepde geçirilen söwdalarynda geleşikleriň 109-sy hasaba alyndy.