Türkmenistan-ÝUNISEF: "Premiks" azyk goşundysyny satyn almak hakynda ylalaşyk baglaşylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan-ÝUNISEF: "Premiks" azyk goşundysyny satyn almak hakynda ylalaşyk baglaşylar
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýokary we birinji hilli bugdaý uny peýdaly «Premiks» azyk goşundysy bilen baýlaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda ÝUNISEF bilen «Premiks» azyk goşundysyny satyn almak hakynda goşmaça ylalaşygy baglaşmak hakynda Çözgüde gol çekdi. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berdi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2021-nji ýylda öndüriljek bugdaý ununyň düzümine goşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen “Premiks” azyk goşundysyny satyn almak barada goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýarlyk berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-niň arasynda özara düşünişmek hakynda uzak möhletleýin Ähtnama baglaşyldy. Onuň esasynda häzirki wagtda ýurdumyzda ýokary we birinji hilli bugdaý uny peýdaly «Premiks» azyk goşundysy bilen baýlaşdyrylýar. Ol foliý turşusynyň we demir sulfatynyň garyndysyndan durýar. Şeýle hem bu ugurdaky işler yzygiderli dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda mundan beýläk-de azyk önümleriniň hiline, sagdyn iýmitlenmegiň kadalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna yzygiderli gözegçiligiň alnyp baryljakdygyny nygtady.