Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde çarşenbe güni Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB)Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen onlaýn gepleşikler geçirildi.
Türkmen DIM-niň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda giň gerimli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi baradaky meselelere deglip geçildi, şol sanda, energetika, ulag pudagyndaky, ekologiýa düzüm böleklerini nazara almak bilen, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň taslamalaryna garaldy. Bilelikdäki işi häzirki ýagdaýlara we wehimlere, şol sanda pandemiýa döwründäki şertlere uýgunlaşdyrmagyň zerurlygy barada bellenip geçildi.
ÝTÖB özüniň Türkmenistan boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Ýurt strategiýasyna laýyklykda türkmen tarapyna geljekde hem ýardam berjekdigini tassyklady.
Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda pikir alyşdylar.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, şeýle-de Merkezi bankynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.