Türkmen dökün önümleriniň eksporty 73% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen dökün önümleriniň eksporty 73% artdy
“Garabogazkarbamid” zawodynyň işe girizilmegi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde mineral dökünleriniň iň iri öndürijisine we eksportýoryna öwrülmegine mümkinçilik döretdi.

Türkmenistanda öndürilen dökün önümleriň eksport mukdary pul möçberinde şu ýylyň ýanwar-iýul aralygynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 73,4% ýokarlandy.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, “ORIENT.tm” penşenbe güni habar berşi ýaly, şu ýylyň ýedi aýynda Türkmenistan daşary ýurtlara 700 müň tonnadan gowrak dökün eksport etdi. Bu görkeziji 2018-nji ýylda işe girizilen “Garabogazkarbamid” zawodynyň doly kuwwatynda işlemegi bilen baglydyr.

Mineral dökünleriň önümçiligi şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 42,1% ýokarlandy. Esasy ösüş azot dökünleriniň paýyna düşüp, döküniň bu görnüşiniň önümçiliginde 52,3% ösüş gazanyldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni awgust aýyndaky maglumatlara görä, ýyllyk meýilnamany eýýäm 109,3% ýerine ýetirmegi başardy.

Ýurdumyzyň günbatarynda ýerleşýän “Garabogazkarbamid” zawody ýylda kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid dökünleri öndürmäge niýetlenendir. Bu kärhana sebitiň iň iri we döwrebap zawody bolup durýar. Bu gaz-himiýa toplumynyň işe girizilmegi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde mineral dökünleriniň iň iri öndürijisine we eksportýoryna öwrülmegine mümkinçilik döretdi.