Türkmenistanda oba senagat toplumyna hususy ulgamyň gatnaşmagyny giňeltmäge we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bu ugrunyň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen oba hojalyk pudagynyň giň gerimde özgerdilmegi amala aşyrylýar.
TDH-nyň anna güni habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda telekeçiler tarapyndan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna:
Türkmenistanyň Hökümetiniň – karz alyjynyň adyndan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň “John Deere Walldorf GmbH & Co.KG” kompaniýasyndan satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahasynyň 85% maliýeleşdirmek üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Deere Сredit Inс.” kompaniýasy – karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny 7 ýyl möhlete baglaşmaga, şol karz ylalaşygy bilen bagly zerur resminamalary resmileşdirmäge hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga;
Şeýle-de oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alýan telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň hyzmat ediji banklary bilen 7 ýyla çenli möhlete degişli içerki ylalaşyklaryny baglaşmaga ygtyýar berildi.