Türkmenistan Bütindünýä söwda instituty bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Bütindünýä söwda instituty bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar
Gepleşikleriň maksady Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň hünärmenleriniň hünärini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de Bütindünýä söwda institutynyň (Şweýsariýa, Bern) wekilleriniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi. Bu barada BMGÖM-iň penşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

“Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” taslamasynyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň maksady türkmen tarapyny  Institutyň alyp barýan ylmy-derňew işleri bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň hünärmenleriniň hünärini kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

“Bäsdeşlige ukyply döwrebap ykdysadyýet kämilleşen hünärmenleri, täze bilimlere we tehnologiýalara elýeterliligi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMGÖM biziň milli hyzmatdaşlarymyzyň, Bütindünýä söwda instituty ýaly öňdebaryjy akademiki we derňew edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy ýardam bermäge örän şatdyr” diýip, BMGÖM-iň Aşgabatdaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili belledi.

Institutyň wekilleri onuň söwda derňewleri pudagynda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar, şeýle hem ykdysady ösüş we halkara söwdasy, globalizasiýa, hyzmatlar söwdasy, açyk ykdysadyýet syýasaty, bäsdeşlik we kärhanalaryň hereketini dolandyrmak, söwda we maýa goýum syýasaty ýaly mowzuklara garaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy pandemiýa şertlerinde onlaýn görnüşde hyzmatdaşlygyň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Bütindünýä söwda institutynyň arasynda işewür hyzmatdaşlygyň tiz ösdürilmegini arzuw etdiler.

Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki “Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” taslamasy ýurduň söwda kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022