TULM “Lapis Lazuli” ugry boýunça ýük gatnawlaryny gurnaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TULM “Lapis Lazuli” ugry boýunça ýük gatnawlaryny gurnaýar
Ýakyn günlerde Hazar deňziniň üsti bilen rejeli gatnaw gämisi arkaly bu ýük konteýnerleri Azerbaýjanyň Baku halkara deňiz-söwda portuna ugradylar.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) paýdarlar jemgyýeti gara ýol we demir ýol arkaly ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak boýunça uly işleri alyp barýar.

TULM-da “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berilişi ýaly, kompaniýa tarapyndan “Lapis Lazuli” ugry boýunça Owganystanyň Akina şäherinden awtomobil ulagy arkaly Türkmenbaşy halkara deňiz portuna ilkinji gezek 40-futlyk 8 sany ýük konteýnerleri getirilip, häzirki wagtda olaryň üstaşyr resminama işleri amala aşyrylýar.

“Ýakyn günlerde Hazar deňziniň üsti bilen rejeli gatnaw gämisi arkaly bu ýük konteýnerleri Azerbaýjanyň Baku halkara deňiz-söwda portuna, Baku şäherinden demir ýol arkaly ýük otlusynda Türkiýä ugradylar” diýip, TULM-da bellediler.

“Lapis Lazuli” ugry bu Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasyndaky üstaşyr taslama bolup, ony döretmek hakynda ylalaşyga 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk konferensiýasynyň (RECCAVII) çäginde gol çekildi.

Şu ýylyň sentýabr aýynda TULM-yň ýardam bermeginde Hytaýdan “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi boýunça Gazagystanyň çäginden Türkmenistana 40-futlyk kyrk sekiz sany konteýnerden ybarat bolan konteýner otlusy geldi.

2022