SNGIZ-y dokuz aýda 171 müň tonnadan gowrak benzin öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
SNGIZ-y dokuz aýda 171 müň tonnadan gowrak benzin öndürdi
Ýurdumyzda iň köp wagt bäri işläp gelýän nebiti gaýatdan işleýän kärhana – SNGIZ ýylda 6 million tonna nebiti gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna (SNGIZ) geçen hasabat döwründe gaýtadan işlemek üçin çig malyň 339 müň tonnasy getirildi. Onuň 151,1 müň tonnadan gowragyny çig nebit tutýar.

“Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, kärhanada şu ýylyň geçen dokuz aýynda çig mallaryň 354,6 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, meýilnama 110,7% ýerine ýetirildi.

Şeýlelik-de gaýtadan işlenilen çig mallardan dürli görnüşli benziniň 171,3 müň tonnadan gowragy öndürildi we geçen ýylyň degişi döwri bilen deňeşdirilende 125,6% ösüş depgini üpjün edildi.

Mundan başga-da, geçen çärýekde dizel ýangyjynyň 102,9 müň tonna golaýy, mazudyň 12 müň tonnasy, agyr wakuum gazoýlynyň 25,2 müň tonnadan gowragy hem-de ýol bitumynyň 23,5 müň tonnadan gowragy öndürildi.

Ýurdumyzda iň köp wagt bäri işläp gelýän nebiti gaýatdan işleýän kärhana – SNGIZ ýylda 6 million tonna nebiti gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Zawod geçen ýylyň dowamynda 600 müň tonna golaý nebiti gaýtadan işledi.

 
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022