“Halkbank” paýdarlar-täjirçilik bakynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy saýlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Halkbank” paýdarlar-täjirçilik bakynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy saýlandy
Häzirki wagtda Türkmenistanda bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek we olary tapgyrlaýyn paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda çykaran 1-nji Kararyny tassyklady.

TDH habarlar agentliginiň berşi ýaly, resminama laýyklykda, Myrat Arabow “halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlandy.

Geçen geçen hepde geçirilen Ministrler Kabinetiniň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek hakynda Karara gol çekdi.

Bu çäreler “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin strategiýasynyň çäklerinde onuň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça işler alnyp barylýar.

2022