Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde mäşiň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. “Daşoguzgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň welaýatyň etraplaryndaky kabul ediş bölümlerine umumy möçberde 130 tonna mäş hasyly tabşyryldy.
“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, şu ýyl welaýat boýunça aralyk ekini bolan mäş 3,700 gektar meýdana ekildi. Mäş üçin meýdanlaryň uly bölegi welaýatyň Akdepe, Köneürgenç hem-de S.Türkmenbaşy etraplarynda bölünip berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, daýhan birleşikleri bilen bir hatar mäş hasylyny ýygnamakda hususy pudagyň wekilleri hem işjeň gatnaşýar. Ýygnalan mäş ýörite barlaghanalarda hil taýdan synagdan geçirilýär.
Mäş tygşytly ösümlik bolup, ol suwy az mukdarda sarp edýär. Bu bolsa, mäşi howa şertleri gurak ýerlerde ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle-de mäş aralyk ekin bolup, ol topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär diýip, habarda aýdylýar.
Daşoguz welaýatynyň ekerançylary şu ýyl 5,5 müň tonna golaý mäş hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýärler. Şeýle-de sebitde noýba hem-de künji üçin ekiş meýdanlary giňeldildi.