HPG pandemiýadan soň ykdysadyýetiň dikeldilmegini maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
HPG pandemiýadan soň ykdysadyýetiň dikeldilmegini maslahatlaşdy
Esasy pudaklary ýeterlik serişdeler bilen üpjün etmek hem-de goldaw bermek maksatnamasynyň ugurlaryny dogry kesgitlemek ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýar.

Türkmenistan halkara guramalary, şol sanda maliýe guramalary, aýry-aýry döwletler bilen COVID-19-a garşy göreşmekde we pandemiýanyň netijesinde ýetirilen durmuş-ykdysady, ynsanperwer häsiýetli zyýanyň azaldylmagy boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.

TDH habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, duşenbe güni Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň maliýe ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Halkara pul gaznasynyň (HPG) hünärmenleriniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň gün tertibinde ykdysadyýeti pandemiýadan soň dikeltmäge goldaw bermekde hususy maliýeleşdirmegi çekmegiň meselelerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki çökgünlik sebitiň ösüşine zyýanly täsirini ýetirdi we döwletleriň hökümetleri ilatyň goragsyz gatlaklaryny hem-de pudaklary goramak üçin anyk ykdysady çäreleri gördüler. Pikir alyşmalaryň çäklerinde ýurtlaryň ileri tutulýan ugurlar boýunça çykdajylarynyň mümkinçiliklerini saklamagyň wajypdygyna üns berildi.

Onlaýn gepleşiklere gatnaşyjylar ykdysadyýeti dikeltmäge goldaw bermekde maliýeleşdirmegiň hususy çeşmelerini ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň wajypdygyny belläp, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Şeýle hem şol gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň (HPG) “Sebit ykdysadyýetini ösdürmegiň mümkinçilikleri: Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa” atly onlaýn görnüşinde tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

HPG-niň wekilleriniň belleýşi ýaly, esasy pudaklary ýeterlik serişdeler bilen üpjün etmek hem-de goldaw bermek maksatnamasynyň ugurlaryny dogry kesgitlemek ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýar.

Ýakyn geljekde iş orunlaryny saklamak, kompaniýalara we öý hojalyklaryna maliýe goldawyny bermek, üpjünçiligi pes adamlary goramak hem-de ykdysadyýeti dikeltmek üçin hereket etmegiň jikme-jik meýilnamasyny döretmek çärelerini dowam etmegiň zerurdygy nygtaldy.

2022