Lebap welaýatynda dokma önümçiliginiň mukdary artdyrylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebap welaýatynda dokma önümçiliginiň mukdary artdyrylýar
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümine gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän kärhanalaryň 80-den gowragy girýär.

Türkmenistan pagta çig malyny eksport ediji döwletden dünýä bazarlarynda tanalýan taýýar dokma önümlerini öndüriji ýurda öwrüldi.

“Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, Lebap welaýatynda ýerleşýän “Ak pamyk” lukmançylyk pamygyny we timar beriş pamyk serişdelerini öndürýän kärhanasynda şu ýylyň dokuz aýynda 2 müň tonna golaý önüm öndürildi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada öndürilen lukmançylyk pamyklarynyň mukdary 150 tonna golaýlaýar. Ähli önümleriň ilkinji tapgyryndaky önümçilik manat hasabynda 3 million 393 müň manada golaý boldy, lukmançylyk pamygynyň önümçiliginiň paýy bolsa 417 müň manatlyga deň boldy. Görkezijileriň ösüş depgini 170%  ýetdi.

Halaç etrabynda ýerleşýän nah-ýüplük egriji fabriginde ýylyň başyndan bäri umumy bahasy 30 million 150 müň manada barabar bolan 3 müň 380 tonnadan gowrak önüm öndürildi. Kärhananyň önümlerine Russiýa, Türkiýe hem-de Polşa ýaly ýurtlar aýratyn isleg bildirýärler.

Bir sapakly nah ýüplügiň önümçiligi boýunça Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde şu ýylyň dokuz aýynda öndürilen ýüplükleriň mukdary 6,5 müň tonnadan gowrak bolup, onuň 800 tonna golaýy soňky bir aýyň içinde öndürildi. Kärhananyň girdejisi 72 million 600 müň manatdan geçdi.

Türkmenabadyň tikin fabrigi şu ýyl ilkinji gezek mekdep ýantorbalaryny öndürip başlady hem-de meýilnamadaky wezipelerini artygy bilen ýerine ýetirdi. Ýylyň başyndan bäri kärhanada pul görnüşinde 46 million 567 müň manatlyk önüm öndürildi. 500-e golaý gelin-gyzlaryň zähmet çekýän fabriginde häzirki wagtda  harbylar üçin geýimleriň uly buýurmasy ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümine gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän kärhanalaryň 80-den gowragy girýär. Jemi bu pudakda 26 müňe golaý hünärmen zähmet çekýär. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň 55%-den gowragy daşary ýurtlara eksport edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022