Türkmen wekiliýeti penşenbe güni Germaniýanyň “Commerzbank” bankynyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen onlaýn duşuşyk geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.
TDH-nyň habar berşi ýaly, gepleşiklere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, Germaniýanyň we umuman, Ýewropanyň maliýe toparlarynda Türkmenistanda milli maliýe-bank ulgamyny pugtalandyrmak boýunça görülýän netijeli çärelere ýokary baha berilýär. Şol çäreler dünýä ykdysadyýeti üçin häzirki çylşyrymly döwürde ýurdumyzda durnuklylygy we durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň ýokary depginlerini saklamaga mümkinçilik berdi.
Şunuň bilen baglylykda, serişdeleriniň mukdary boýunça Germaniýada ikinji orunda bolan bu bankyň wekilleri makroykdysady özgertmeleri hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny nazara alyp, türkmen banklary bilen mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýewropanyň iri bank konserniniň wekilleri tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşinde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny nygtap, Türkmenistanyň gülläp ösüş we rowaçlyk ýoly bilen has-da üstünlikli öňe ilerlemegini gazanmak maksadynda “Commerzbankyň” däp bolan netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdylar.
Edara binasy Germaniýanyň Frankfurt şäherinde ýerleşýän ýurduň iri banklarynyň biri bolan “Commerzbank AG”-niň dünýäniň 50-den gowrak ýurdunda şahamçalary hereket edýär.