Mary DES-i günde 18 mln. kilowatt-sagat elektrik energiýasyny eksport edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mary DES-i günde 18 mln. kilowatt-sagat elektrik energiýasyny eksport edýär
2019-njy ýylda Mary DES-i umumy möçberde 8 milliard 600 million kilowatt-sagat elektrik energiýasnyy öndürdi.

Mary döwlet elektrik stansiýasy (DES) şu ýylyň dokuz aýynda Özbegistana, Owganystana we Eýrana 8 milliard 210 million 318 müň kilowatt-sagatdan gowrak elektrik energiýasy eksport etdi.

“Türkmenistan” gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, elektrik stansiýada her gije-gündizde öndürilýän 38 million kilowatt-sagat elektrik togunyň 18 million kilowatt-sagady goňşy döwletlere ugradylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu görkezijiler 2018-nji ýylyň sentýabrynda kuwwaty 1,574 MWt bolan kombinirlenen bug-gaz elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň hasabyna gazanylýar.

2019-njy ýylda Mary DES-i umumy möçberde 8 milliard 600 million kilowatt-sagat elektrik energiýasnyy öndürdi. Öndürilen elektrik energiýasynyň 70%-i täze bug-gaz elektrik stansiýasynyň paýyna düşdi.

Mundan başga-da, bu elektrik stansiýasy güýjenmesi 220 kW bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamyny tok bilen üpjün etmek üçin hemme mümkinçiliklere eýedir. Taslamanyň durmuşa geçirilişiniň ilkinji tapgyrynda TOP energiýa köprüsi Owganystanyň Hyrat şäherine çenli çekiler.

 
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022