“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty geçiriler
OGT-2020 maslahaty «Türkmengaz» we «Türkmennebit» dowlet konsernleri tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň "GaffneyCline" kompaniýasy bilen bilelikde gurnalýar.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” atly XXV Halkara maslahaty (OGT-2020) 28-29-njy oktýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Bu halkara maslahaty «Türkmengaz» we «Türkmennebit» dowlet konsernleri tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň "GaffneyCline" kompaniýasy bilen bilelikde gurnalýar.

Halkara maslahatynyň dowamynda bilermenler dünýäniň ýangyç-energetika pudagyndaky ösüşler we özgermeler babatynda, şeýle hem Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçirijisi, Hazar deňziniň Türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek hem-de gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi barada çykyş ederler.

Şonuň ýaly-da häzirki döwürde Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda alnyp barylýan wajyp taslamalar hakynda maslahata gatnaşyjylara maglumat bermek hem-de tejribe alyşmak üçin giňişleýin sessiýalar geçiriler.

Bu halkara maslahatyna Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar. 

OGT-2020 tazeçe usulda gurnalyp, halkara maslahatyna adaty tertipde gatnaşmak bilen bir hatarda “Zoom Professional” platformasy arkaly dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan onlaýn görnüşde gatnaşyp bolar. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar hem (adaty we onlaýn) gatnaşyjylar üçin şeýle görnüşde gurnalar.

OGT halkara maslahaty daşary ýurtly kompaniýalaryň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen ýylba-ýyl geçirilýän uly ähmiýetli çäredir.

OGT-2020 halkara maslahaty barada giňişleýin maglumaty www.ogt-turkmenistan.com Internet saýtyndan, şeýle hem info@turkmen-forum.com e-poçta ýa-da +993 12 920399 telefon belgisi boýunça habarlaşmak arkaly alyp bolar.

2022