Türkmenistanyň geljek ýylda Döwlet býujeti tarapyndan maliýeleşdiriljek ugurlary kesgitlenildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň geljek ýylda Döwlet býujeti tarapyndan maliýeleşdiriljek ugurlary kesgitlenildi
Prezidentimiz geljek ýylda Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70%-den gowrak möçberini durmuş ulgamyna degişli pudaklara gönükdirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisiniň barşynda 2021-nji ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň taslamasyna seredildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we 2021-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň serişdeleriniň köp bölegi durmuş ulgamynyň, şol sanda bilimiň, saglygy goraýşyň, medeniýetiň ösdürilmegine, döwlet durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy ulgamlaryna, umumy görnüşdäki döwlet hyzmatlarynyň ösdürilmegine gönükdiriler.

Düýpli maýa goýumlaryň kesgitli mukdary önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň, şeýle hem welaýatlarda täze şäherçeleriň we obalaryň gurluşygyna goýberler.

Milli Liderimiz geljek ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini deňeşdirilýän görkezijilerde 6.2% derejede emele getirmegiň meýilleşdirilýändigini nygtady. Mundan başga-da, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirlerini peseltmek hem-de ykdysadyýetiň kadaly ösüşini dowam etmek boýunça çäreler meýilleşdirilmelidir.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlylygy ýörelgesini saklamak bilen, geljek ýylda Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70%-den gowrak möçberini durmuş ulgamyna degişli pudaklara gönükdirmegi tabşyrdy.

Bu serişdeleriň 28.5% bilimi, 10% saglygy goraýşy we 24.8% durmuş üpjünçilik ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidir. Halk hojalygynda zähmet çekýän işgärleriň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 10% ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreler dowam etdirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny seretmek üçin Mejlisiň garamagyna ibermek baradaky resminama gol çekdi we ýakyn wagtda milli parlamentiň maslahatynda ýurdumyzyň baş maliýe resminamasyna garamagy teklip etdi.

2022