Türkmenistanda düýe we geçi ýüňi senagat taýdan gaýtadan işleniler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda düýe we geçi ýüňi senagat taýdan gaýtadan işleniler
Daşoguz pagta egirme fabriginde nah we ýüň galyndylaryny, gamyş we gowaça çöpüni gaýtadan işlemek üçin önümçilik bölümi dörediler.

Mizemez çig mal serişdelerine eýe bolan dokma senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri giňeltmek we eksport ugurly harytlary artdyrmak boýunça strategik wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Çig mal serişdeleriniň gaýtadan işlenilmegi üçin bolsa täze tehnologik kärhanalar döredilýär

TDH habarlar agentliginiň anna güni habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dokma pudagynyň öňünde önümleriň çykarylyşyny artdyrmak, täze, ýokary tehnologiýaly toplumlary kemala getirmek, ýerli çig malyň esasynda bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça wezipeleriň goýlandygyny belledi.

Şunuň baglylykda, ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine dokma pudagyna degişli häzirki zaman enjamlary, olary Türkmenistana getirmek, ýerinde gurnamak we sazlamak bilen bagly ähli işleri geçirmek şerti bilen satyn almak barada Italiýa Respublikasynyň “Cormatex Srl.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Täze döwrebap enjamlar Dokma senagaty ministrliginiň Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda dörediljek düýe ýüňüni we geçi çöprüni egirip, ýylda 130 tonna ýüň ýüplügini öndürýän önümçilik üçin hem-de Daşoguz pagta egirme fabriginde dörediljek nah we ýüň galyndylaryny, gamyş we gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşygynda ulanylýan agaç we izolýasiýa serişdeleriniň ýylda 7,200 tonnasyny öndürýän önümçilik üçin ulanylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022