Balkan welaýatynyň senagat önümçiliginde hususy pudagyň paýy artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkan welaýatynyň senagat önümçiliginde hususy pudagyň paýy artýar
Şu ýylyň dokuz aýynda Balkan welaýatynyň bölekleýin söwda işlerinde haryt dolanyşygynyň 90%-den gowragy hususy ulgama degişlidir.

Türkmenistanda telekeçiler milli ykdysadyýetiň täze pudaklarynyň ösdürilmegine, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak bilen, peýdaly gazylyp alynýan önümleriň senagat taýdan gaýtadan işlenilmegine işjeň gatnaşýarlar.

“Türkmenistan” gazetiniň geçen anna güni habar berşi ýaly, şu ýylyň geçen dokuz aýynda Balkan welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň ýaryndan gowragy, has takygy, 5 milliard 510 million manatlyga golaýy döwlete degişli bolmadyk bölegiň paýyna düşýär.

Habarda bellenilişi ýaly, agzalan döwürde sebitiň bölekleýin söwda işlerinde haryt dolanyşygynyň 90%-den gowragy hususy ulgama degişlidir.

Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine agza bolup durýan hususyýetçileriň günbatar sebitde guran iri önümçilik we durmuş maksatly desgalarynyň sany artýar.

2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häzirki günde agzalarynyň 24 müňden gowragyny özünde birleşdirýär, dürli hünär ugurlaryna degişli hususy kärhanalarda bolsa jemi 10 müňden gowrak iş orunlary döredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022