Lebaply hususyýetçiler önümçilik mukdaryny artdyrýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply hususyýetçiler önümçilik mukdaryny artdyrýarlar
Ýurduň gündogar sebitinde ýyladyşhanalaryň 38-sini gurmak üçin 113,8 gektar ýer bölegi bölünip berildi.

Lebap welaýatynyň hususyýetçileri tarapyndan şu ýylyň dokuz aýynda 1535,82 müň manatlyk et (diri agramda), 4749,75 müň manatlyk towuk eti, 1956,60 müň manatlyk ýumurtga, 3798,94 müň manatlyk süýt, 3327,92 müň manatlyk süýt we beýleki önümler öndürildi.

“Türkmen gündogary” gazetiniň sişenbe güni habar berşi ýaly, umuman welaýatyň hususyýetçileri tarapyndan 90 million 776,63 müň manatlyk hojalyk we azyk önümleri öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36 million 200,11 müň manatlyk köpdür.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna laýyklykda Lebap welaýatynda 32 sany desgany gurmak göz öňünde tutulýar. Olaryň 19-sy oba hojalygyna, 13-si bolsa senagat pudagyna degişlidir. Bu desgalaryň 10-sy gurulyp ulanmaga berildi.

Mundan başga-da, ýurduň gündogar sebitinde ýyladyşhanalaryň 38-sini gurmak üçin 113,8 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Bu ýyladyşhanalaryň 21-inde miwe, gök önümler ekilip başlandy.

Şu ýyl welaýatyň Halaç etrabynda keramiki bezeg kerpiçlerini öndürýän kärhananyň açylmagyna garaşylýar. Bu kärhana ýylda 192 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022