Türkmen dokma we nebit önümlerine isleg artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen dokma we nebit önümlerine isleg artýar
Daşary ýurt puluna daşary ýurtly telekeçiler TNGIZT-de öndürilen awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, nebit koksyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepde geçirilen söwdalaryň barşynda daşary ýurt puluna Russiýanyň, Hytaýyň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri reňksiz aýnany, boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, guradylan buýan köküni we kök baldagyny satyn aldylar.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, daşary ýurt puluna edilen söwdalaryň möçberi pul hasabynda 30 million 423 müň amerikan dollaryna deň boldy.

Şeýle-de daşary ýurt puluna Germaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri TNGIZT-de öndürilen awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, nebit koksyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýly Panamanyň we Owganystanyň, polietilen bolsa Russiýanyň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Manat serişdelerine Şotlandiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň telekeçileri nah ýüplügi, Pakistanyň telekeçileri bolsa buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 34 million 250 müň manatlykdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 7 million 655 müň manatlykdan gowrak polipropilen örtügini we pagta süýümini satyn aldylar.

Geçen hepde geçirilen Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 80-si hasaba alyndy.

2022