Türkmen we gazak telekeçileri eksport-import amallaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen we gazak telekeçileri eksport-import amallaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler
Taraplar eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmak, iberilýän harytlaryň hem-de hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni Gazagystanyň Mangistau oblastynyň Telekeçiler palatasynyň wekilleri bilen onlaýn gepleşikler geçirildi. Çärä döwlet we hususy düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ilçiler gatnaşdylar.

TDH-nyň habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy, muňa köp babatda ähli derejede işjeňleşdirilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýardam berýändigi nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak ulgamynda türkmen edaralary – Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty we “Aýdyň gijeler” kompaniýasy öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Öz nobatynda, gazagystanly işewürler kompaniýalary tanyşdyryp, milli we sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, söwda, oba hojalygy, dokma, himiýa we azyk senagaty ulgamlarynda hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda anyk teklipler aýdyldy.

Taraplar eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmak, iberilýän harytlaryň hem-de hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Gepleşiklerde Gazagystanyň işewürlik düzümine “Atameken” sebitleýin edarasynyň hem-de deňiz gämiçiligi, elektroenergiýa we telekommunikasiýalary üpjün etmek üçin paýlaýjy desgalaryň gurluşygyna ýöriteleşdirilen kompaniýalar wekilçilik etdiler. Olaryň hatarynda “EFKO Kazakhstan LLP” kompaniýasy, “Kaskor-Maşzawod”, “KazAzot” paýdarlar jemgyýetleri, “Munaýtelekom”, “Kazmortransflot” milli deňiz gämiçilik kompaniýasy”, “Tauşyk” auyl şaruaşylygy”, “Zhamal-ai LTD” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetler bardyr.

2022