Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020” atly XXV halkara maslahat öz işine başlady. Maslahatyň guramaçylary bolup “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri çykyş edýärler.
TDH-nyň habar berşi ýaly, şu ýylda geçirilýän energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu iri ýöriteleşdirilen forum ilkinji gezek diňe bir däp bolan çäklerde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan onlarça ýurtlara onlaýn görnüşde ýaýradylýar.
Bellenilişi ýaly, dünýäde halkara gatnawlara çäklendirmeleriň girizilmegi sebäpli daşary ýurtly wekilleriň köp sanlysy möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşýarlar. Öňki forumlara seredeniňde, bu ýyl olaryň sany artdy. Şu gezekki maslahatda 30-dan gowrak döwletden iri kompaniýalaryň 100-den gowragy hasaba alyndy.
Umumy mejlis Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyna bagyşlanyldy.
Forumyň dowamynda edilen çykyşlarda ykdysadyýetiň iri pudagy bolan nebitgaz senagatyna ýurdumyzy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, eksport kuwwatyny giňeltmek boýunça iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ornuň degişlidigi bellenildi.
Forumyň işi mejlisler arkaly dowam etdi. Şolaryň dowamynda energetika bazarlarynyň häzirki ýagdaýy hem-de ösüşiniň ählumumy ugurlary, COVID-19 pandemiýasyndan soň energetika dünýäsinde tebigy gazyň eýeleýän orny seljerildi.
Bilermenleriň pikirine görä, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaý sebäpli, energiýa serişdelerine bolan islegiň pese gaçmagynda gaz pudagy nebit pudagyna garanyňda, az zyýan çekdi. Geljek barada aýdylanda bolsa, pandemiýa iru-giç tamamlanar, ykdysadyýeti bolsa barybir ýangyç-energetika toplumynyň kömegi arkaly dikeltmeli bolar.
Bellenilişi ýaly, kömürturşy gazynyň atmosfera goýberilmeginiň azaldylmagy, degişlilikde, tebigy gaza islegiň artmagy dünýä bileleşiginiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meýilleri bilen baglylykda, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň uzak möhletleýin baş ugry bolup durýar. Ozal hem belli bolşy ýaly, Hytaýda, Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň beýleki ýurtlarynda tebigy gazyň sarp edilişiniň ýokary depgini çaklanylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýalar, ilki bilen, ýel we Gün energiýalary hem öz işjeň ösüşine eýe bolar.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020” atly halkara maslahat penşenbe günündäki işinde Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek, gaz we nebithimiýa pudaklarynyň täze maýa goýum mümkinçilikleri hem-de beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalary öz işleri bilen tanyşdyrdylar.
Mundan başga-da, forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüm ýolbaşçylarynyň öz hyzmatdaşlary bilen bu pudakdaky özara hyzmatdaşlygyň baş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaklary üçin onlaýn gepleşikleri geçirildi.