Türkmen telekeçileri apelsin ösdürip ýetişdirmäge başlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçileri apelsin ösdürip ýetişdirmäge başlar
Ýyladyşhanalar häzirki zaman suwaryş usullaryny ulanmak bilen täzeçil enjamlar bilen üpjün ediler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisiniň barşynda wise-premýer Çary Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmegiň taslamalary barada hasabat berdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlisde wise-premýer Ç.Gylyjow tarapyndan dünýäniň iň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýurdumyzda banan we sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde döwrebap ýyladyşhanalary gurmak teklip edildi.

Bellenilişi ýaly, ýyladyşhanalaryň taslamalaryna laýyklykda, olar häzirki zaman suwaryş usullaryny ulanmak bilen täzeçil enjamlar bilen üpjün ediler. Toplanan tejribeleri nazara almak bilen, banan, mandarin, apelsin we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça synag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek, banan we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça taslamalary makullady.

Döwlet Baştutanymyz halkara söwdasynda, harytlary ugratmakda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek, daşarky bazaryň isleglerini öwrenmek meseleleriniň wajypdygyny belledi hem-de döwletimiziň orta we kiçi telekeçilige giňden goldaw bermek syýasatyny dowam etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişi tabşyryklary berdi.

2022