Aşgabatda köp gatly awtoduralgalar hususylaşdyrylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda köp gatly awtoduralgalar hususylaşdyrylar
Türkmenistanda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.

Milli ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalary we kärhanalary hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek işleri dowam edýär.

TDH-nyň habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy ulgamyň kuwwatyndan giňden peýdalanmak, telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, kiçi we orta işewürligi ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatda berilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwlet eýeçiligindäki desgalary göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak hakynda ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, resminama taýýarlanyldy. Şoňa laýyklykda, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan gurlan 9 sany köp gatly awtoduralgasyny hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumyny olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Aşgabat şäheriniň häkimliginiň köp gatly awtoduralgalaryny hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumyny hususylaşdyrmak hakyndaky” Kararyň taslamasyna gol çekdi.

Milli Liderimiz bu ugurdaky işleri dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Kararyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Wise-premýerler Şamuhammet Durdylyýewe hem-de Esenmyrat Orazgeldiýewe degişli tabşyryklar berildi.

2022