Türkmenistan farmasewtika serişdeleriniň önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan farmasewtika serişdeleriniň önümçiligini artdyrýar
Şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky maglumatlara görä, ýurduň farmasewtiki serişdeleriniň gory ýylyň başyndaky möçber bilen deňeşdirilende 14% artdyryldy.

Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda farmasewtika serişdeleriniň önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6.3% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatyna salgylanyp, “ORIENT.tm” anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň farmasewtika pudagynyň kuwwatyny artdyrmak ilatyň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmagyň wajyp ugrudyr. Bu ugurda gazanylýan üstünlikleriň hasabyna durmuş wajyply ýerli derman serişdeleriniň möçberi we hili yzygiderli ýokarlandyrylar.

Şeýlelik-de, şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky maglumatlara görä, ýurduň farmasewtiki serişdeleriniň gory ýylyň başyndaky möçber bilen deňeşdirilende 14% artdyryldy. Bu bolsa häzirki dünýäde dowam edýän pandemiýa döwründe örän wajypdyr.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň derman senagaty pudagynda esasy hyzmatdaşlary Hindistan we Belarussiýadyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistanyň Prezidenti Nath Kowind bilen 15-nji oktýabrda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda derman senagaty pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi.

Şunda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hindi farmasewtika kompaniýalaryna maýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde goldaw berjekdigini aýtdy. Gürrüň ilki bilen Türkmenistanyň çäginde bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçiligi ýola goýmak barada boldy.