Daşoguzly telekeçiler künji hasylyny ýygnamaga başladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzly telekeçiler künji hasylyny ýygnamaga başladylar
Şu ýyl daşoguzly telekeçi döwlet tarapyndan uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin bölünip berlen 50 gektar ýeriň 10 gektaryna künji ekdi.

Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde işewür toparlaryň wekilleri künji önümçiligine işjeň gatnaşýarlar. Şu ýyl Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çäklerinde telekeçi Nurgeldi Gurbanbaýew dört tonna künji hasylyny ýetişdirdi.

“Türkmenistan” Altyn Asyr” elektron gazetiniň anna güni habar berşi ýaly, telekeçi N.Gurbanbaýew eýýäm ikinji ýyl künji önümçiligi bilen meşgullanýar. Şu ýyl telekeçi döwlet tarapyndan uzakmöhletleýin peýdalanmak üçin bölünip berlen 50 gektar ýeriň 10 gektaryna künji ekdi.

Telekeçi N.Gurbanbaýewiň aýtmagyna görä, künji önümçiliginde gazanylan tejribe geljekde bu ýag beriji ekiniň hasyllylygyny artdyrmaga mümkinçilik döreder.

Şeýle-de daşoguzly telekeçiler welaýatyň S.Türkmenbaşy etrabynda hem-de Ruhubelent etrabynyň beýleki ýerlerinde künji hasylyny ýygnadylar. Bellenilişi ýaly, Daşoguzda künji önümçiligi diňe şu ýyl uly möçberde ýola goýlup başlandy.

Künjiniň düzüminde 50-60% ýag, 21%-den gowrak belok, 9.14-19.3 % uglewodlar, 3% kletçatka we 6.5% suw saklanýar. Künji ýagy süýjümtik bolup, açyk sary reňkli suwuklyk görnüşindedir.

2022