Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygynyň forumynda çykyş etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygynyň forumynda çykyş etdi
Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti sebit hem-de halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasynyň ähmiýetini aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Seul şäherinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça Halkara forumynda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, foruma döwlet baştutanlary, görnükli syýasatşynaslar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, bilim, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlaryň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlete dahylly bolmadyk guramalaryň we Özbegistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Koreýa Respublikasynyň hem-de beýleki birnäçe ýurtlaryň hususy pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz özüniň wideoýüzlenmesiniň dowamynda Forumyň gatnaşyjylaryna bu çäräni Ýewraziýada halkara ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin ösüşine gönükdirilen gaýragoýulmasyz başlangyç hökmünde kabul edýändigini belläp geçdi.

Milli Liderimiz Ýewraziýa yklymynda toplumlaýyn ösüşiň täze meýilnamalarynyň we strategiýalarynyň döredilmegi babatynda öz garaýyşlaryny beýan etdi hem-de «biz Türkmenistanda muny Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi diýip atlandyrýarys we şunuň bilen birlikde hem bu ýoluň ugrunda ýaşaýan halklaryň we onda ýerleşen döwletleriň arasyndaky özaragatnaşyklaryň özboluşly häsiýetiniň taryhy dowamatyny aýratyn belleýäris» diýip nygtady. Bu formatyň Gündogar-Günbatar we Günorta-Demirgazyk ugurlary boýunça geoykdysady hereketlere ýardam etjekdigi bellenilip geçildi.

Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti sebit hem-de halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Ol türkmen-koreý gatnaşyklarynyň netijeliligi barada gürrüň edip, koreý kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagynda nebitgaz we nebithimiýa senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň ençemesini mysal getirdi.

Şunuň bilen birlikde, ylmy pudaklarda, şol sanda telekommunikasiýa we kosmos pudaklarynda, suw ulanyş pudagynda, hususan-da deňiz suwuny süýjetmek taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikdäki işleriň uly geljegi bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz Koreýa Respublikasynyň işewür toparlaryna ýüzlenip, olary türkmen bazaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy we ýurtda koreý kompaniýalarynyň işine goldaw beriljekdigini tassyklady.

Bu Forumda ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzuklarynyň hatarynda koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan özgertmeler we demirgazyk ykdysady hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegi hem bardy.

2022