“Watan” DES elektrik energiýasynyň önümçiligini 1,4 esse artdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Watan” DES elektrik energiýasynyň önümçiligini 1,4 esse artdyrar
“Watan” döwlet elektrik stansiýasynda her ýylda 1-1,5 milliard kilowat sagat töweregi elektrik energiýasy öndürilýär.

Lebap welaýatynda ýerleşýän “Watan” döwlet elektrik stansiýasy (DES) elektrik energiýasynyň öndürilişini 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda 1,4 esse artdyrmagy meýilleşdirýär.

“Türkmen gündogary” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, welaýatyň bu elektrik stansiýasynda her ýylda 1-1,5 milliard kilowat sagat töweregi elektrik energiýasy öndürilýär.

Şeýle-de DES Türkmenistandan daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň durnukly ösüşini saklamakda möhüm orun eýeleýär. Bar bolan öndüriji kuwwatlyklaryň we gurulýan desgalaryň hasabyna ýurdumyz geljekki ýyllarda elektrik energiýasynyň eksportyny 8.7% ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.

Garaşylyşy ýaly, 2025-nji ýylda Türkmenistanda elektrik energiýasynyň umumy öndürilişi 34,2 milliard kW/sagada ýetiriler.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda umumy kuwwaty 400 MWt bolan Zerger gazturbina elektrik bekediniň gurluşygy alnyp barylýar. Bu elektrik bekedi Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi bolar.

Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Türkmenistanda elektrik energiýasyny öndürmekde ösüş depgini 114,5% deň bolup, meýilnama 106% ýerine ýetirildi.

2022