Türkmenistan ýük daşamak üçin alynýan ýygymlary we tölegleri belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ýük daşamak üçin alynýan ýygymlary we tölegleri belledi
Täze bellenilen ýygymlar hem-de tölegler 2020-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2021-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli hereket eder.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri bilen ýük daşamagy düzgünleşdirmek we ulaglar ulgamynyň halkara gatnawlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Karara gol çekdi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, resminama laýyklykda, halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýranyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyga (Aşgabat Ylalaşygyna) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyga) agza döwletlerden ýa-da bu döwletleriň üsti bilen daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende daşary ýurt döwletleriniň tirkeg çekiji awtomobili ulanylmadyk ýagdaýynda olaryň eýelerinden alynýan degişli ýygymlar hem-de tölegler 2020-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2021-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi.

Şeýle hem degişli Karar bilen şol ýygymlar we tölegler ygtyýarly banklar tarapyndan alnar hem-de Türkmenistanyň Altyn asyryny ösdürmegiň döwlet gaznasyna geçiriler.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna we “Türkmenawtoulaglary” agentligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

2022