Türkmenistan himiýa senagatynda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan himiýa senagatynda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar
Häzirki wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň düzümine 9 sany gaýtadan işleýän toplumlar girýär.

Türkmenistanyň himiýa senagatynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler ýurdumyzyň we ilatyň bähbitleri üçin türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryndan, uglewodorod serişdelerinden, mineral we gidromineral gorlaryndan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýewiň “Türkmenistan bu gün” saýtynda çap edilen makalasynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň düzümine 9 sany gaýtadan işleýän toplumlar, ýurdumyzyň sarp edijilerini, şol sanda oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler we beýleki himiýa önümleri bilen üpjün edýän “Dökünhimiýa” kärhanasy, gurluşyga gözegçilik edýän “Garabogazkarbamid” direksiýasy hem-de Türkmenabat şäherindäki tehniki orta okuw hünär mekdebi girýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilýän önümler dünýäniň dürli ýurtlaryna eksport edilýär. Himiýa pudagyny ösdürmegiň çäklerinde döwlet konserni tarapyndan mineral dökünleri we beýleki himiýa önümlerini öndürmek boýunça soňky ýyllarda iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi hem-de geljekde ýene-de birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Neşirde bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny dökünler bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, Mary şäherinde azotly dökünleri öndürýän toplum, Türkmenabadyň himiýa zawodynda kuwwatlylygy ýylda 300 müň tonna bolan konsentrirlenen fosfor dökünlerini öndürýän önümhana, Lebap welaýatynda Garabil käninde kuwwatlylygy ýylda 1 million 400 müň tonna bolan kaliý dökünlerini öndürýän toplum gurlar.

Mundan başga-da, Balkan welaýatynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna bolan karbamid öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny ulanmaga tabşyrmaga taýýarlanylýar. Düzümi ýodly we bromly suwlary gaýtadan işlemek boýunça önümçilik-tehniki kuwwatlyklary ýokarlandyrmak babatynda “Balkanabat” ýod zawodynda, Balkan welaýatynyň Gumdag şäherçesinde kuwwatlylygy ýylda 250 tonna tehniki ýod we 2 müň 350 tonna brom we brom önümlerini öndürýän desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Bulardan başga-da, Uzboý şäherçesinde kuwwatlylygy ýylda 200 tonna tehniki ýod we 2 müň tonna brom we brom önümlerini öndürýän desgalaryň, Hazar şäherinde kuwwatlylygy ýylda 300 tonna tehniki ýod we 5 müň 500 tonna brom we brom önümlerini öndürýän desgalaryň, kaustik sodany, hlor we hlor önümlerini öndürmek boýunça kuwwatlyklaryň, Garabogaz aýlagynyň baý gidromineral gorlarynyň binýadynda natriý sulfatyny öndürýän täze önümçilikleriň gurluşygy meýilleşdirilýär.

Täze ugurdaş desgalaryň ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň himiýa önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, eksport edilýän önümleriň möçberini hem birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berer.

Täze işe girizilen kuwwatlyklaryň özleşdirilmegi himiýa senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolup, içerki bazara we eksporta gönükdirilen himiýa önümleriniň täze görnüşleriniň, ýagny brom we brom önümleriniň 9 müň 850 tonnasyny, kaustik sodanyň 15 müň tonnasyny, hlor we hlor önümleriniň 13,5 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berer diýlip makalada aýdylýar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni ugurdaş ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2007-nji ýylda döredildi. Türkmenistanyň himiýa pudagynyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, ýagny Ýaponiýanyň “Kawasaki Plant Sistem Ltd.”, “Sojits Corporation”, “Mitsubishi Corporation”, “Mitsui Engineering” we Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk banky (JBIC), şeýle-de Türkiýäniň “Renessans Türkmen” we “Gap Inşaat” kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edilýär.