Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde penşenbe güni “Case New Holland” amerikan kompaniýasynyň Kawkaz, Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça işewürligiň ösdürilmegi boýunça direktory Stýuart Kempbel bilen onlaýn gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, gepleşiklere türkmen tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Suw hojalygy döwlet komitetiniň başlygy Güzgeldi Baýjanow hem-de bu edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.
Gepleşikleriň barşynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde ileri tutulýan ugurlary babatynda pikir alyşdylar.
Suw hojalygy ulgamyna döwrebap tehnologiýalaryň iberilmegini guramagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, kompaniýa tehnikalaryň iň täze görnüşleri, hususan-da traktorlar, bugdaý we pagta ýygnaýan kombaýnlar hem-de beýleki tehnikalar bilen üpjün etmek arkaly, ýurduň oba hojalygynyň tehniki kuwwatynyň ösdürilmegine we berkidilmegine ähmiýetli goşant goşýar. Bu ugurda taraplar Türkmenistanyň toprak we howa şertleri üçin ýörite niýetlenen “Case” oba hojalyk tehnikalaryny almak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy ýurduň oba hojalygynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmelere we döwrebaplaşdyrmalara ygrarlydygyny belläp, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ynam bildirdi.