Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň penşenbe güni geçirilen mejlisiniň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň geçen on aýyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.
TDH-nyň habar berşi ýaly, mejlisiň barşynda şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 5.8% artandygy bellenildi.
Wise-premýerleriň öz gözegçilik edýän ugurlarynda alnyp barylýan işler barada beren hasabatlaryna görä, şu ýylyň 10 aýynda, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4.1%, bölek satuw haryt dolanyşygy bolsa 18.9% ýokarlandy.
Suwuklandyrylan gaz önümçiliginiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 123.6% barabar boldy. “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça ösüş 101.8%, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 112.6%, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 112.9% deň boldy.
Mundan başga-da, hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça bellenilen meýilnama 116.2% ýerine ýetirilip, ösüş 122.1% barabar boldy.
Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan çykarylan önümleriň, şol sanda pagta ýüplüginiň we nah matalaryň önümçiliginiň mukdary, degişlilikde, 104% we 101.2%, tikin hem-de örme önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 117.4%, gön önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 103,2% deň boldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-oktýabr aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişiniň mukdary 133%, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 110.2% ýokarlandy.
Mejlisiň barşynda milli Liderimiz wise-premýerleriň ählisi bilen bilelikde, 2021-nji ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmagy ýerine ýetirilmeli işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Bu Maksatnama ygtybarly maýa goýumlaryna esaslanmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, resminamany ýakyn wagtda işläp taýýarlamak tabşyryldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bir aýyň dowamynda 2020–2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek strategiýasyny tassyklamaga bermegi we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde hususylaşdyrmak hakyndaky kanunlarymyzy täzelemegi tabşyrdy.