Hojambaz etrabynda şalynyň 892 tonna hasyly ýygnaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hojambaz etrabynda şalynyň 892 tonna hasyly ýygnaldy
Şaly oragy Lebap welaýatyň Kerki, Darganata, Köýtendag etraplarynda hem şowly jemlenip barýar.

Şu ýyl Hasyl toýuna Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň ekerançylary 190 gektar ýerde şalynyň bol hasylyny ýetişdirip, meýilnama boýunça 892 tonna şaly aldylar.

“Türkmen gündogary” gazetiniň şenbe güni habar berşi ýaly, şaly oragy welaýatyň Kerki, Darganata, Köýtendag etraplarynda hem şowly jemlenip barýar.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýyl Lebap welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynyň 10 müň 200 gektarynda şaly ýetişdirildi. Ýer eýeleri şonça meýdandan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy meýilleşdirýärler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde şaly hasylyny ýygnamak işleri alnyp barylýar. Şu ýyl Daşoguz welaýaty boýunça şaly üçin 8,1 müň gektar ýer bölünip berildi. Bu meýdandan ekerançylar 35 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler.

Geçen ýyl Türkmenistan boýunça jemi 83 müň tonna şaly ýygnaldy.

2022