Türkmenistan hususylaşdyrmak hakyndaky kanuny kämilleşdirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan hususylaşdyrmak hakyndaky kanuny kämilleşdirer
Türkmenistanyň Prezidenti orta we kiçi döwlet kärhanalaryny hususyýetçilige bermegiň gurallaryny kesgitlemegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa Türkmenistanyň “Hususylaşdyrmak hakyndaky” Kanunyny kämilleşdirmegi tabşyrdy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz hususylaşdyrmak boýunça işleriň ilerledilmelidigini, orta we kiçi döwlet kärhanalaryny hususyýetçilige bermegiň gurallaryny kesgitlemegiň möhümdigini belläp, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň şu we beýleki ugurlaryny kanunçylyk taýdan goldamagyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle-de milli Liderimiz wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikowa bir aýyň dowamynda 2020-2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek strategiýasyny tassyklamaga bermegi we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde hususylaşdyrmak hakyndaky kanunlary täzelemegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, wise-premýer Şamuhammet Durdylyýewe gurluşyk toplumynda özgertmeleri gysga wagtda amala aşyrmagy, bu ugurdan zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagy, toplumyň kärhanalarynyň ýagdaýyny seljermek işlerini çaltlandyrmagy tabşyryp, bu kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça teklipleri bermek ýa-da hususylaşdyrmak barada aýratyn görkezmeleri berdi.

2022