Türkmenistanyň hususy pudagy oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň hususy pudagy oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrýar
2020-nji ýylda Türkmenistan pomidor eksportyny 16 müň 700 tonna çenli artdyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda azyk önümleriniň aglaba bölegi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýär.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň ýekşenbe güni habar berşi ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň hususyýetçileri tarapyndan 30 müň tonna pomidor öndürilip, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwüri bilen deňeşdireniňde dört esse artdy.

Şeýle hem oba hojalykçylar ýeralmanyň 37 müň tonna golaýyny hem-de soganyň 13 müň tonna golaýyny ýygnadylar. Bakja, miwe, gök önümleriň hem-de däne kösükli ekinleriň önümçiligi birnäçe esse artdyryldy.

Häzirki wagtda türkmen telekeçileri täze ýerleri özleşdirmegiň hasabyna azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň üstünde işleýärler. Bu bolsa içerki bazaryň bolçulygyny saklamaga we eksporta iberilişini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Russiýa we GDA döwletlerine 19 million amerikan dollaryndan gowrak oba hojalyk önümleri eksport edildi.

Mundan başga-da, 2020-nji ýylda Türkmenistan pomidor eksportyny 16 müň 700 tonna çenli artdyrdy. Häzirki wagtda ýokary tehnologiýaly ýyladyşhanalaryň hasabyna ýurdumyzda pomidor tutuş ýylyň dowamynda ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan umumy meýdany 356 gektara barabar bolan 100-den gowrak ýyladyşhanalar hereket edýär. Geljek ýylda ýene-de umumy meýdany 1300 gektara barabar bolan 150-ä golaý ýyladyşhana gurmak meýilleşdirilýär.

2022