Türkmenistanda alkogolly içgilere we temmäki önümlere salgyt üýtgetmeleri girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda alkogolly içgilere we temmäki önümlere salgyt üýtgetmeleri girizildi
“Piwo” üçin goşmaça tölegiň möçberi onuň bahasynyň 24%-e çenli ýokarlandyryldy.

“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny “Türkmenistan” gazetiniň duşenbe günündäki sanynda çap edildi. Degişli Kanuna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 24-nji oktýabrynda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, “Öndürilýän harytlar boýunça” bölümde “Piwo” üçin goşmaça tölegiň möçberi onuň bahasynyň 24%-ne çenli ýokarlandyryldy. Tebigy üzüm çakyry, güýçli spirtli içgiler, likýorlar we düzüminde alkogol bolan gaýry alkogolly içgiler (üzüm löderesinden başga), şeýle hem düzüminde alkogol bolan çakyr serişdeleriniň goşmaça töleginiň möçberi olaryň düzümindäki alkogol derejesine baglylykda 20% we şoňa çenli alkogolly içgiler üçin bahasynyň 31%-e, 20%-30% alkogolly içgiler üçin bahasynyň 48%-e hem-de 30%-den ýokary alkogolly içgiler üçin bahasynyň 61%-e çenli ýokarlandyryldy.

Mundan başga-da, “Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar boýunça” bölüminde “Piwo” üçin goşmaça tölegiň möçberi onuň gümrük bahasynyň 73%-e we 1 litri üçin 7 manada çenli ýokarlandyryldy. Düzüminde aşakdaky möçberde alkogol bolan üzüm çakyrlaryň we alkogolly içgileriň düzümindäki alkogol derejesine baglylykda 20% we şoňa çenli alkogolly içgiler üçin gümrük bahasynyň 133%-e we 1 litri üçin 31 manada çenli, 20%-den ýokary alkogolly içgiler üçin gümrük bahasynyň 133%-e we 1 litri üçin 48 manada çenli ýokarlandyryldy.

Şeýle-de Spirtli içgiler taýýarlanylanda ulanylýan spirtiň (saglygy goraýyş maksady bilen getirilýänlerinden, şeýle hem döwlet kärhanalary, alyjylar birleşmeleriniň kärhanalary tarapyndan getirilýänlerinden beýlekileri) 1 litri üçin gümrük bahasy 6 amerikan dollaryna çenli getirildi.

Temmäki önümleri gümrük bahasynyň 74%-e we 1 gutusy üçin 3 amerikan dollaryna çenli ýokarlandyryldy.

Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylarynyň 1 kilogramy üçin gümrük bahasy 15,6 amerikan dollaryna çenli artdyryldy.