Türkmen nah we jinsi matalaryna isleg artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen nah we jinsi matalaryna isleg artýar
Daşary ýurtly telekeçiler daşary ýurt puluna nah hem-de jinsi matasyny, şeýle hem nah ýüplügi, reňksiz aýnany satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede geçirilen söwdalarda daşary ýurt puluna baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million 346 müň dollaryndan gowrak boldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, ABŞ-nyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah hem-de jinsi matasyny, şeýle hem nah ýüplügi, reňksiz aýnany satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, BAE-niň, Germaniýanyň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksyny, awiakerosinini, dizel ýangyjyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen Russiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Manat serişdelerine BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi 12 million 986 müň manatlykdan gowrak haly önümlerini, powidon-ýod erginini we nah ýüplügi satyn aldylar.

Geçen hepdede geçirilen Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.

2022