Aşgabatda söwda-dynç alyş merkezleriniň sany artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda söwda-dynç alyş merkezleriniň sany artýar
“Gül zemin” söwda-dynç alyş merkeziniň üç gatly binasynyň umumy meýdany 43 müň 560 inedördül metre barabardyr.

Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýoly bilen Taslama köçesiniň çatrygynda sişenbe güni “Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezi açyldy. Bu merkeziň gurluşyk işleri “Altyn” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, täze söwda-dynç alyş merkezi 3,8 gektar meýdanda ýerleşýär. Onuň üç gatly binasynyň umumy meýdany 43 müň 560 inedördül metre barabardyr.

“Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezinde köpsanly söwda nokatlaryndan başga-da, onda jemgyýetçilik iýmiti kärhanasy ýerleşdirilendir. Bu ýerde 800 orunlyk we 400 orunlyk toý dabaralaryny geçirmek üçin iki zal, 200 orunlyk we 100 orunlyk restoranlar, 5 sany çaýhana hem bardyr.

Binanyň birinji gatynyň 15 müň inedördül metrden gowrak ýerinde bölek söwda dükany ýerleşdirilendir. Alyjylara ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürleýän marketleriň we söwda dükanlarynyň 65-si ýokary häzirki zaman ülňüleri esasynda enjamlaşdyrylandyr.

Mundan başga-da, binanyň üçünji gatynda her biri 90 orunlyk kinozallaryň ikisini, bir wagtyň özünde çagalaryň 300-sini kabul edip biljek dürli attraksionlary öz içine alýan dynç alyş we şüweleňler zolagy ýerleşýär. Şeýle-de bu ýerde körpeler üçin oýun meýdançalarynyň 4-si ýerleşdirilendir.

Merkez döwrebap tehniki enjamlar—amatly liftleriň 10-sy, eskalatorlaryň 6-sy we beýlekiler bilen üpjün edilendir.

2022