Türkmenistan we Portugaliýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Portugaliýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maslahatlaşdylar
Gepleşikler Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde gurnaldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Portugaliýanyň maýa goýum we daşary söwda agentliginiň (AICEP) wekilleri çarşenbe güni onlaýn gepleşikleri geçirdiler.

“ORIENT.tm” habar agentliginiň habar berşi ýaly, gepleşikler Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde gurnaldy.

Duşuşykda türkmen tarapyna Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, portugal tarapyna AICEP başlygy we baş ýerine ýetiriji direktory Luis Kastro Enrikes ýolbaşçylyk etdiler.

Şeýle-de iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmak we ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda wekiliýetler öz ýurtlarynyň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada çykyş etdiler hem-de özara gatnaşyklaryň ýollary we görnüşleri barada pikir alyşdylar.

Senagat we gurluşyk, oba hojalyk, dokma senagaty hem-de ulag-logistika pudaklary hyzmatdaşlygyň esasy we geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022