Türkmen hususy ulgamy maldarçylyk önümleriniň önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen hususy ulgamy maldarçylyk önümleriniň önümçiligini artdyrýar
Häzirki wagtda 120-den gowrak hususy maldarçylyk toplumlarynda et we süýt önümleri öndürilýär.

Türkmenistanyň obasenagat toplumynda maldarçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga maýa goýmak dowam edýär, bu bolsa ýurdumyzda et we süýt önümleriniň önümçiliginiň mukdaryny ýokarlandyrmaga  mümkinçilik berýär.

“Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, döwlet kärhanalaryna degişli maldarçylyk toplumlaryny hususy eýeçilige tapgyrlaýyn geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary tarapyndan bu ugra degişli 90-na golaý kärhanalar hususylaşdyryldy.

Häzirki wagtda 120-den gowrak hususy maldarçylyk toplumlarynda et we süýt önümleri öndürilýär, ýene 90 sanysynyň gurluşygy dowam edýär diýlip habarda bellenilýär.

Mundan başga-da, TSTB-niň agzalaryna ot-iým önümçiligi üçin 28 müň gektardan gowrak ýer bölünip berildi, häzirki wagtda bu ýerlerde ýorunja, mekgejöwen, arpa, soýa, jöwen we beýleki ot-iým ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Türkmenistanda iri şahly mallaryň birnäçe görnüşleri idedilýär. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Ajaýyp ussat halal önümleri” hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji mermer etini öndürýän maldarçylyk toplumyny gurup, işe girizdi. Bu ýerde mermer etini öndürmek üçin aberdin-angus tohum mallary idedilýär.

Şeýle-de Bäherden etrabynda “Ak peçek” hususy kärhanasy iri we ownuk şahly mallary, hususan-da, “limuzin” fransuz tohumyny idedýär. Bu hojalykda bir maldan 400-450 kilogram arassa et alynýar.

Telekeçi Nury Annaöwezow Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäklerinde bölünip berlen 250 gektar ýerde ot-iým ekinlerinden bol hasyl alýar. Bu bolsa telekeçä özüniň kuwwaty ýylda 100 tonna et we 100 tonna süýt öndürmäge niýetlenen maldarçylyk toplumy ot-iým bilen doly üpjün etmäge ýardam berýär.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatyna görä, şu ýylyň geçen dokuz aýynda Türkmenistanyň ähli hojalyklarynda et önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6.2% ýokarlandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022