Türkmenistanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça halkara onlaýn maslahaty geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça halkara onlaýn maslahaty geçiriler
Halkara maslahatynyň dowamynda gaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen onlaýn gepleşikleri geçirmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda 1-nji dekabrda onlaýn görnüşinde “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

TDH habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada penşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer Myratgeldi Meredow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerine bagyşlanan forumyň gün tertibine Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem durnukly ösüşiň we energetika howpsuzlygynyň möhüm şerti bolan halkara turba geçirijilerine bagyşlanan meseleler girizildi.

Şeýle hem Halkara maslahatynyň dowamynda gaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirmegi göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň üstünliklerini we kuwwatyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, olary dünýäniň işewür toparlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary, özara bähbitli anyk taslamalar bilen berkitmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şu ýylyň 28-29-njy oktýabr aralygynda Aşgabatda oflaýn hem-de onlaýn görnüşinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020” (OGT-2020) atly XXV halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahatda 30 döwletden iri kompaniýalaryň 100-den gowragy gatnaşdy.

2022