Aşgabat we London işewürlik gatnaşyklarynyň berkidilmegini maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we London işewürlik gatnaşyklarynyň berkidilmegini maslahatlaşdylar
Mejlisiň barşynda iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösdürilmegine gönükdirilen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde anna güni onlaýn görnüşinde Türkmen-britan söwda-ykdysady mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Mejlise türkmen tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdy Jepbarow, Suw hojalygy baradaky Döwlet komitetiniň başlygy Güzgeldi Baýjanow, britan tarapyndan Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Nikolson, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Hýu Stenli Filpott, şeýle hem “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Den Tompstoun gatnaşdylar. Şeýle hem çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň barşynda taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi we çuňlaşdyrylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, söwda-ykdysady, maliýe hyzmatdaşlygy hem-de işewürlik gatnaşyklaryň berkidilmegi boýunça meselelere seredilip geçildi.

Britan tarapy Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň işewürler toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, şol sanda britan kompaniýalarynyň bilelikdäki taslamalara gatnaşmaklaryna gyzyklanma bildirdi. Şeýle-de iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösdürilmegine gönükdirilen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň ahyrynda taraplar bu konstruktiw gepleşikleriň Türkmen-britan ykdysady  gatnaşyklarynyň berkidilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.